dogry

dogry
1) Egri däl, gyşyk bolmadyk, göni.
∙ Tüpeňi dogry çenemeklik gerek! (J. Akyýew, Mergeniň ogly)
∙ Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýyby ýok. (Nakyl)
2) Ýalňyş däl, hakykata laýyk gelýän, çyn.
∙ Dogry düşünjeler köp adamlaryň zähmet işiniň prosesinde emele gelýär. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)
∙ Saklamasaň, gitsem dogry ýol bilen, Ýeterdim maksada, käbäm, atam jan! (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp (u) ýazylýar.
Meselem dogry - dogruda, dogrular, dogrusy.
dogry gelmekMiýesser bolmak, saý-sebäp bilen edilmek, gabat gelmek.
∙ Bir säwlik sebäpli şu saparky döwekde tohum atlary ulanmak dogry gelipdir. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
dogry tapmakMakul görmek, dogry diýip bilmek.
dogryňdan gelmekHakykaty aýtmak.
∙ Gidere ýerim galmady, dogrymdan geleýin! («Mydam Taýýar» Gazýeti)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужен реферат?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»